GS-1 (EAN-13) barkodlary
GS1 (EAN-13)
ştrihkodlary häzirki wagtda belkide iň giňden ýaýran ştrihkod görnüşidir.
2015-nji ýylda Türkmenistan GS1 ştrihkodyna eýe boldy. Şeýlelikde Türkmenistanda öndürilen harytlaryň ştrihkodlary 483 bilen başlamalydyr.
EAN-13 ştrihkodlary 13 sifradan (sandan) ybarat bolup olaryň başyndaky ilkinji üç sifra ýurdy aňladýar, soňundaky ýeke sifra bolsa hiç zady aňlatmaýar, ol sifra ştrihkodyňy dogrulygyny-ýalňyşlygyny bilmek üçin ştrihkod okaýan enjamlar tarapyndan ulanylýar. Aradaky 9 sifranyň manysy bolsa ýurda görä üýtgeýär. Ýurda görä dokuz sifranyň ilkinji 5-si şereketi aňladyp, galan 4 sifrasy bolsa şol şereketiň öndürýän önümini aňladyp biler.
Mysal üçin 8690504027508
ştrihkodynyň näme many berýändigini göreliň.
Başyndaky 3 sifra
: 869 (Ýagny bu ştrihkod Türkiýä degişli)
Dowamyndaky 5 sifra
: 05040 (Ülker şerekedini aňladýar)
Dowamyndaky 4 sifra
: 2750 (275 ULKER COKONAT 33GR önümini aňladýar)
Soňdaky 1 sifra
: 8 (Aňladýan manysy bolman ştrihkodyň dogry okalmagy üçin gerekli)
Şeýlelikde köplenç önümiň haýsy ýurda degişlidigini bilmek üçin EAN-13 ştrihkodynyň başyndaky 3 sifra seredäýmeli. Aşakda GS1 guramasynyň resmi saýtyndan alynan, haýsy 3 sifranyň haýsy ýurda degişlidigini görkezýän sanawy görüp bilersiňiz:
Ştrihkodyň başy | Ýurt |
---|---|
000 - 019 | GS1 ABŞ |
020 - 029 | Halkara manysy ýok (Ýurda degişli däl) |
030 - 039 | GS1 ABŞ |
040 - 049 | Halkara manysy ýok (Ýurda degişli däl) |
060 - 139 | GS1 ABŞ |
200 - 299 | Halkara manysy ýok (Ýurda degişli däl) |
300 - 379 | GS1 Fransiýa |
380 | GS1 Bolgariýa |
383 | GS1 Sloweniýa |
385 | GS1 Horwatiýa |
387 | GS1 Bosniýa Gersegowina |
389 | GS1 Çernogoriýa (Montenegro) |
400 - 440 | GS1 Germaniýa |
450 - 459 | GS1 Ýaponiýa |
490 - 499 | GS1 Ýaponiýa |
460 - 469 | GS1 Russiýa |
470 | GS1 Gyrgyzystan |
471 | GS1 Taýwan |
474 | GS1 Estoniýa |
475 | GS1 Latwiýa |
476 | GS1 Azerbeýjan |
477 | GS1 Litwa |
478 | GS1 Özbegistan |
479 | GS1 Şri-Lanka |
480 | GS1 Filippinler |
481 | GS1 Belarussiýa |
482 | GS1 Ukraina |
483 | GS1 Türkmenistan |
484 | GS1 Moldawiýa |
485 | GS1 Ermenistan |
486 | GS1 Gürjistan |
487 | GS1 Gazagystan |
488 | GS1 Täjigistan |
489 | GS1 Gonkong |
500 - 509 | GS1 Angliýa |
520 - 521 | GS1 Gresiýa |
528 | GS1 Liwan |
529 | GS1 Kipr |
530 | GS1 Albaniýa |
531 | GS1 Makedoniýa |
535 | GS1 Malta |
539 | GS1 Irlandiýa |
540 - 549 | GS1 Belgiýa we Lýuksemburg |
560 | GS1 Portugaliýa |
569 | GS1 Islandiýa |
570 - 579 | GS1 Daniýa |
590 | GS1 Polşa |
594 | GS1 Rumyniýa |
599 | GS1 Wengriýa |
600 - 601 | GS1 Günorta Afrika |
603 | GS1 Gana |
604 | GS1 Senegal |
608 | GS1 Bahreýn |
609 | GS1 Mawritaniýa |
611 | GS1 Morokko |
613 | GS1 Alžir |
615 | GS1 Nigeriýa |
616 | GS1 Keniýa |
618 | GS1 Ivory Coast |
619 | GS1 Tunisiýa |
620 | GS1 Tanzaniýa |
621 | GS1 Siriýa |
622 | GS1 Müsür |
623 | GS1 Bruneý |
624 | GS1 Liwiýa |
625 | GS1 Iordaniýa |
626 | GS1 Eýran |
627 | GS1 Kuweýt |
628 | GS1 Saudy Arabystan |
629 | GS1 BAE (Birleşen Arap Emirlikleri) |
640 - 649 | GS1 Finlandiýa |
690 - 699 | GS1 Hytaý |
700 - 709 | GS1 Norwegiýa |
729 | GS1 Izrail |
730 - 739 | GS1 Şwesiýa |
740 | GS1 Gwatemala |
741 | GS1 Salwador |
742 | GS1 Gonduras |
743 | GS1 Nikaragua |
744 | GS1 Kosta Rika |
745 | GS1 Panama |
746 | GS1 Dominikan respublikasy |
750 | GS1 Meksika |
754 - 755 | GS1 Kanada |
759 | GS1 Wenezuela |
760 - 769 | GS1 Şweýsariýa |
770 - 771 | GS1 Kolumbiýa |
773 | GS1 Urugwaý |
775 | GS1 Peru |
777 | GS1 Boliwiýa |
778 - 779 | GS1 Argentina |
780 | GS1 Çili |
784 | GS1 Paragwaý |
786 | GS1 Ekwador |
789 - 790 | GS1 Braziliýa |
800 - 839 | GS1 Italiýa |
840 - 849 | GS1 Ispaniýa |
850 | GS1 Kuba |
858 | GS1 Slowakiýa |
859 | GS1 Çehiýa |
860 | GS1 Serbiýa |
865 | GS1 Mongoliýa |
867 | GS1 Demirgazyk Koreýa |
868 - 869 | GS1 Türkiýe |
870 - 879 | GS1 Gollandiýa |
880 | GS1 Günorta Koreýa |
884 | GS1 Kambojiýa |
885 | GS1 Taýland |
888 | GS1 Singapur |
890 | GS1 Hindistan |
893 | GS1 Wýetnam |
896 | GS1 Päkistan |
899 | GS1 Indoneziýa |
900 - 919 | GS1 Awstriýa |
930 - 939 | GS1 Awstraliýa |
940 - 949 | GS1 Täze Zelandiýa |
955 | GS1 Malaýziýa |
958 | GS1 Makau |